Pages Navigation Menu

Türkmenistanda Nowruz baýramynyň bellenilişi

Türkmenistanda Nowruz baýramynyň bellenilişi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Nowruz tämizligiň, sahawatyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, bagtyýarlygyň  baýramy hökmünde her ýylyň 21-nji martynda–gije-gündiziň astronomik taýdan ýazky deňleşýän güninde döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär.

Türkmenistanda Nowruz baýramynyň döreýiş kökleri öz gözbaşyny örän irki döwürlerden alyp gaýdypdyr. Munuň özi her ýylyň mart aýynyň 21-ne gije-gündiziň deňleşýän günüdigini atalarymyzyň iň gadymy döwürlerde anyklap bilendigi bilen baglydyr. Orta asyrlarda bu astronomik hadysa Gündogaryň belli akyldarlary Abu Reýhan Biruni, Ferdöwsi, Omar Haýýam we beýlekiler tarapyndan tassyklanypdyr.

Türkmenistanyň ähli ýerlerinde Nowruzyň öň ýanyndaky günlerde öý-içeriniň, daş-töweregiň arassalanylmagy, zenanlaryň baýramçylyk günlerinde täze lybaslary geýip, çagalary gözden-dilden goraýjy güýji bar hasaplanylýan dogajyklardyr şaý-sepler bilen aýratyn bezemekleri hem gözbaşyny örän irki döwürlerden alyp gaýdýar.

Ýyl täzelenmänkä, bergileriň bermek, goňşy-golamlar bilen birek-biregiňkä myhmançylyga barmak, toý şatlygyny paýlaşmak dessurlary hem parasatly milli ýörelgeler hökmünde meşhurdyr.

Türkmenistanda käbir etraplarynda öňler ýaşulylar ähli obadaşlarynyňka ýekän-ýekän myhmançylyga baryp, olaryň hojalyklary bilen ýakyndan tanyşypdyrlar. Ýaş maşgalalara zerur maslahatlary, kömekleri beripdirler. Nowruz günlerinde oba ýaşulylaryny myhman almak öý eýesi üçin uly hormat hasaplanypdyr. Şol sebäpli olar Nowruz baýramçylygyny garşy almaga örän jogapkärli çemeleşipdirler. Nowruz günlerinde öňden bäri meşhurlyk bilen ýöredilip gelinýän şeýle ynsanperwerlik däpleri halkyň agzybirliginiň barha berkleşmegine täsir edip gelýär.

Halk arasynda Nowruz günleri gonamçylyklara zyýarat edip, dünýäden öten ýakynlaryny ýatlap, aýat-doga okamak, garry, hassa adamlaryň halyny sorap barmak, olar üçin semeni tagamyny, dürli milli naharlary taýýarlap dadyrmak sogap iş hasaplanylýar.

Nowruz baýramynyň şüweleňli geçmeginde çagalaryň aýratyn orny bardyr. Çagalar baýramçylyk günleri halk oýunlaryny ýerine ýetirmekde bäsleşip baýraklara mynasyp bolýarlar, däpleriň berjaý edilişine, milli tagamlary taýýarlanyşyna diýseň höwesli gatnaşýarlar. Mahlasy çagalaryň şatlygy–gülküsi Nowruz baýramynyň aýrylmaz bezegine öwrülýär.

Baýramçylygyň guramaçylykly, täsirli geçirilmeginde esasy orun zenanlara degişlidir. Zenanlar milli däpleriň, ynançlaryň nesilden-nesle geçirilmegine, tagamly naharlaryň, naz-nygmatlaryň taýýarlanmagyna diýseň işjeň çemeleşýärler.

Nowruzyň dabaraly medeni çärelerini, köpçülikleýin gezelençlerini türkmen zenanlarynyň geýinýän ajaýyp tebigatynyň ýaz günlerindäki zynaty ýaly owadan, baharda açylýan ilkinji bägülleriň, çigildemleriň, gülälekleriň keşbi nagyşlanan milli lybaslary has-da gözel görke getirýär.

Nowruz baýramy berkarar Türkmenistana dünýäniň çar künjünden gelen myhmanlara guýma-gursak zehinli, hem-de atalaryň myhmansöýüjilik däplerine ygrarly halkymyzyň iň naýbaşy gymmatlyklary bilen has içgin tanyşmaga giň mümkinçilik döredýär. Baýramçylyk mynasybetli guralýan sergilerde halk zehinleriniň ylhamynyň joşgunyndan dörän bilezik, ýüzük, gulakhalka, saça, boýna dakylýan ajaýyp zergärçilik şaý-seplerini synlap gözüň doýmanka, türkmen gelniniň sep bukçasyny bezeýän älemgoşar reňkli sapaklardan düzülen el işlerinde nazaryň eglenýär. Mundan başga-da, baýramçylyk dabaralarynda guralýan halkymyzyň şöhratly taryhynyň sözsüz şaýady bolup gelýän muzeý gymmatlyklarynyň täsin sergileri hem myhmanlaryň üns merkezine öwrülýär.

Amaly-haşam sungatynyň naýbaşy önümleriniň biri bolan türkmeniň ak öýi hem-de onuň biri-beýlekisine meňzemeýän öý-hojalyk enjamlary hem diýseň täsindir. Metaldan ýasalan iş gurallary, azyk önümlerini saklamaklyga niýetlenilen külalçylyk önümleri, deriden taýýarlanylýan dürli önümleriň  gadymy nusgalary, dürli ölçegdäki gaplar we beýleki gymmatlyklar halkymyzyň özboluşly dünýäsini açyp görkezýär. Ýüňden döredilýän önümler haly, keçe, milli egin-eşikleriň täsin görnüşleri  hem türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň naýbaşy gymmatlyklarydyr.

Tut, erik, garagaç, arça, derek, söwüt ýaly agaçlardan bejerilen, dürli mazmunly nagyşlar haşamlanan gap-gaçlaryň gadymy görnüşleri, dutar-gyjak ýaly saz gurallary, sandyklar, sallançakdyr kitap goýmak üçin ulanylýan agaç gurluşlar baýramçylyk dabarasynyň kop tomaşaly sergileriniň birine öwrülýär.

Baýramçylyk günlerinde  milli senetçilik önümleriniň sergileri nakgaşlardyr heýkeltaraşlaryň tebigat temasyna degişli eserleriniň görkezilişleri utgaşdyrylýar.

Nowruz baýramy güneşli Türkmenistanyň dürli ýerlerinde saklanyp galan  däpler: ýüzärlik tütetmek, otdan bökmek, suw bilen bagly ynançlary berjäý etmek, aýdym-sazly söhbet, tans etmek, monjukatdy, küştdepdi, läleler ýaly halk döredijilik eserlerini ýerine ýetirmek, dürli milli oýunlar boýunça ýaryşlary guramak, körpelere Nowruzyň döreýşi bilen bagly rowaýatlary, hekaýatlary gürrüň bermek ýaly milli ýörelgeler bilen utgaşdyrylyp örän gyzykly geçirilýär.

Halk zehinleriniň ýerine ýetirmeklerinde Nowruz bilen bagly aýdym-saz, tans, folklor eserleriniň çykyşlary guralýar. Ýeri gelende, Nowruz baýramyny giňden belleýän beýleki halklardan tapawutlykda, halk döredijilik eserleriniň monjukatdy görnüşiniň şu baýramçylyk bilen baglanyşykly döredilendigini aýratyn bellemelidiris.

Nowruz baýramy ruhy-çeper gymmatlyklaryň giden bir hazyna-genjini özünde jemleýär. Bu barada gürrüň edilende, baýramçylyk dabaralarynda Orta we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklaryny ruhy dünýäsinde meşhur hyýaly şahslaryň keşpleriniň çeper-sahna çykyşlarynda ussatlarça janlandyrylýandygyny bellemelidiris. Tebigata jan getirip, gyzyl-elwan gülli ýaşyl kürte büreýän jadyly hasaly Nowruz babanyň hem-de bahar bägüllerinden görklenen Bahar perisiniň,  jadyly jamynda dünýäni synlap oturan Jemşit şanyň we beýleki hyýaly gahrymanlaryň keşpleriniň sahnada janlandyrylmagy baýramçylyk tomaşalarynyň mazmuny has-da çuňlaşdyrýar. Nowruza bagyşlanyp düzülen aýdymdyr saz eserleri toý-baýramlaryň şatlygyny has-da belende göterýär. Magtymguly Pyragynyň, Andalybyň, Mollanepesiň, Seýdiniň, Mätajiniň hem-de beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlary bagşy sazandalaryň döredijilik hazynasynyň belent heňdäki aýdymlary bolup ýaňlanýar.

Dutaryň kalplary heýjana getirýän owazyna utgaşyklykda geçirilýän halk oýunlary toý dabaralarynyň şüweleňini has-da artdyrýar. Halkymyz tarapyndan şirin dilli dutaryň şabram kakuwlaryna bäsleşip aýak urýan behişdi türkmen bedewleriniň at çapyşyklary Nowruz baýramynyň iň şatlykly pursatlarynyň biridir.           Soňky ýyllarda baýramçylyk dabaralarynda has-da meşhurlyga eýe bolan türkmen ýigitleriniň at üstündäki ýerine ýetirýän milli oýunlary hem tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar.

Ady rowaýata öwrülen pälwanlaryň kesbi-käri göreş tutmak, ýaglyga towusmak, ýüp çekişmek, daş götermek ýaly milli sport oýunlarynda dowam etdirilýär. Nowruz baýramynda çagalaryň we ýaşlaryň “ak süňk”, “aşyk”, “ýüzük”, “çilik-hekgal”, ‘çiş”, “ýaglyga towusmak” ýaly halk oýunlary, horaz, goç, it uruşdyrmak boýunça ýaryşlar uly şowhun bilen geçirilýär. Germewaçda çekdirilen ýüpüň üstünde ýöreýän darbazlaryň, gözbagçylaryň, şahandazlaryň, sirk tomaşalarynyň beýleki görnüşleriniň, gurjak oýunlarynyň ussatlary Nowruz baýramynyň şowhunyny has-da artdyrýar. Gyzlaryň hiňildiklerde-sallançaklarda uçmak dessurlary bolsa birnäçe günläp dowam edýär.

Dürli naz-nygmatlara, tagamly naharlara, süýji ir-iýmişlere beslenen toý saçagy Nowruz baýramçylygyň esasy gözelligidir. Türkmen tamdyrynyň mele myssyk nany, çopan işleklisi, ýagly petirdir toý çelpegi bereketli Nowruz saçagynyň ýaraşygydyr. Gazanlarda pakyrdap gaýnap duran etli ýarmadyr nowruz köjesi, tagamly türkmen palawy baýramçylygyň gözelligini has-da artdyrýar. Çaýyň ýanynda saçaga getirilýän pişmäniň, çak-çaky, kak, kişmiş ýaly şirin nygmatlaryň tagamy bu baýramçylykda aýratyn lezzetlidir. Toý saçagynyň gelşigine öwrülen akmaýanyň müň derde derman çaly şerbetleriň naýbaşydyr.

Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýran semeni tagamy Nowruz baýramynyň nyşany tagamlarynyň biri hasaplanylýar. Onuň Eýranda “samany”, Gyrgyzystanda “sumolok”, Özbegistanda we Täjigistanda “sumalak” diýlip atlandyrylmagy hem-de taýýarlanyş usullarynyň meňzeşligi türkmen halkynyň goňşy halklar bilen gadymdan bäri dostana gatnaşyk saklap gelýändiginiň subutnamasydyr.

Nowruz saçagynyň mukaddes ak bugdaýyň maýsasynyň üwelen şiresinden taýýarlanylýan keramatly semeni tagamy bilen bezelmegi – bagtyýarlygyň, şem ýakylyp goýulmagy – ýagty geljegiň, duzuň, unuň goýulmagy – bereket-rysgalyň, ýumurtganyň goýulmagy – nesil dowamatynyň nyşany hasaplanylýar. Mundan başga-da, Nowruz saçagynda milli tagamlaryň ýedisiniň goýulmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini hem bellemelidiris.

Umuman aýdanymyzda, türkmenler tarapyndan Nowruz bilen bagly täsin we  özüne çekiji gadymy däp-dessurlar müňlerçe ýyllaryň dowamynda ýöredilip gelinmegi bu gadymy baýramçylygyň dörän ojagynyň Türkmenistandygyny doly tassyklaýar.

Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen Garaşsyz Türkmenistnda 2013-nji ýylda “Nowruz-parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy” atly halkara festiwalynyň  geçirilmegi bolsa gadymy we nowjuwan Nowruzyň umumadamzat medeniýetiniň  naýbaşy  gymmatlygydygyny ýene-de bir gezek subut edýär.

 www.nowruz.gov.tm

One Comment

  1. It’s awesome to go to see this web site and reading the views of all colleagues about this post, while I am also keen of getting familiarity.

Leave a Comment

Your email address will not be published. Required fields are marked *

You may use these HTML tags and attributes: <a href="" title=""> <abbr title=""> <acronym title=""> <b> <blockquote cite=""> <cite> <code> <del datetime=""> <em> <i> <q cite=""> <strike> <strong>

Реклама от Google